Premium awtoulag markasy HONGQI Gündogar Ykdysady Forum 2024-iň hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder
28 Awgust
Premium awtoulag markasy HONGQI Gündogar Ykdysady Forum 2024-iň hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder

Hytaýyň premium awtoulag brendi HONGQI (Honçi) 3-nji sentýabrdan 6-njy sentýabr aralygynda Wladiwostokda geçiriljek Gündogar Ykdysady Forum 2024-iň resmi awtoulag hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. HONGQI çäräniň resmi parky üçin 150 sany awtoulag hödürleýär, olar Gündogar Ykdysady Forum 2024-iň çykyş etjekleriň, hyzmatdaşlaryň we myhmanlaryň transferlary üçin ulanylar. H9 flagman wekilçilikli sedanlar, HQ9 biznes klas mikroawtobuslar we H5 biznes klas sedanlary guramaçylaryň ygtyýarynda bolar. Şeýle hem, forumyň çäginde geçiriljek sergide H9 flagman sedany hemme isleg bildirýänler bilen jikme-jik tanyşdyrmak we synag sürüjisine ýazylyşyk göz öňünde tutulýar. Binanyň içinde HONGQI stendi gurlar, bu ýerde ökde hünärmenler brendyň ähli görnüşleri barada maglumat berip bilerler we isleg bildirýänleri synag sürüjisine ýazyp bilerler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem