“Toyota Camry”-yň täze nesli BAE-de ilkinji bolup çykdy: bahasy we aýratynlyklary
28 Awgust
“Toyota Camry”-yň täze nesli BAE-de ilkinji bolup çykdy: bahasy we aýratynlyklary

Meşhur sedanyň dokuzynjy nesli bolan Toyota Camry XV80 indi Ýakyn Gündogara baryp ýetdi. BAE-de satuwlar 201 at güýji bolan, 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen jübütlenen 2,5 litrlik A25A-FKS atmosfera hereketlendirijisinden başlandy.

Şeýle hem, Toyota 2,5 litrlik hereketlendirijili we kompaniýanyň e-CVT-li gibrid görnüşini hödürleýär.

BAE-de Camry XV80 -iň esasy komplektasiýasy mata salony we 8 dýuýmlyk ekranly media ulgamyny öz içine alýar. Has gymmat wersiýalary deri salony we 12,3 dýuýmlyk media ulgamynyň displeýini hödürleýär.

BAE-de Camry XV80-niň esasy görnüşiniň bahasy 109,9 müň dirhem (takmynan 29,9 müň dollar), iň ýokary gibrid görnüşi bolsa 139,9 müň dirhem (38,1 müň dollar).

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem