Azerbaýjan demir ýollary, "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ösüşini göz öňünde tutup, üstaşyr gatnawlar baradaky çaklamalary bilen paýlaşdy
29 Awgust
Azerbaýjan demir ýollary, "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ösüşini göz öňünde tutup, üstaşyr gatnawlar baradaky çaklamalary bilen paýlaşdy

“Azerbaýjan demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, 2023-nji ýylda 6,8 million tonna garanyňda 2030-njy ýyla çenli ýyllyk üstaşyr gatnawyň ýylda 15 million tonna çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar.

"Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesini giňeltmek boýunça döwletara taslamasynyň gelejegi doly durmuşa geçirilse, onda üstaşyr gatnawlar 2030-njy ýyla çenli 30 million tonna ýetip biler – diýip Azerbaýjan demir ýollarynyň strategiki ösüş bölüminiň başlygy Anar Gasymowyň sözlerine salgylanyp aýdylýar.

“Umuman aýdanyňda, ähli ugurlar boýunça Azerbaýjan demir ýollary 2030-njy ýyla çenli 18,2 million tonnadan (2023-nji ýylyň görkezijisi) 30 million tonna çenli we "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesini giňeltmek taslamasynyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirilen ýagdaýynda 43 million tonna çenli artmagy meýilleşdirýär," - diýip Gasymow belledi.

"Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň demirýol şahamçasyny giňeltmegiň esasy meselesi, Eýranda Reşt-Astara ýolunyň bir böleginiň gurluşygydyr. "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň birnäçe ugry bolup, olaryň biri Azerbaýjan we Eýrana degişlidir.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem