Hyundai-Kia salonda amatly howany saklamaklyga niýetlenen iň täze tehnologiýalary görkezdi
29 Awgust
Hyundai-Kia salonda amatly howany saklamaklyga niýetlenen iň täze tehnologiýalary görkezdi

Koreýanyň Hyundai-Kia konserni, artykmaç energiýa sarp etmezden, awtoulagyň içindäki howany has amatly edýän üç sany innowasiýa ösüşini hödürledi.

Birinji tehnologiýa - aýna ýelmenýän sowadyjy nanoplýonka. Ol Gün şöhlesini yzyna serpikdirmek bilen salonyň gyzmagynyň öňüni alýar, şol bir wagtyň özünde ol dury hasaplanýar. Bu bolsa ony, reňkli plýonkalardan tapawutlylykda, islendik ýurtda kanuny edýär. Işläp düzüjileriň sözlerine görä, plýonka awtoulagyň içindäki temperaturany 12 dereje peseltmäge ukyply.

Ikinji tehnologiýa – aýaklaryň ýanynda goşmaça infragyzyl gyzdyryjyny gurmagy öz içine alýan “şöhleli ýyladyş”. Ol adaty ýyladyjy bilen tandemde işläp, düşýän ýüküni 17% azaldýar. Ýyladyjy 110 dereje gyzdyrýar, ýöne howpsuzlyk ulgamy ýanmak howpuny aradan aýyrýar.

Üçünji tehnologiýa - adaty plýonka bilen deňeşdirilende ,has netijeli ýyladyşy üpjün edýän metal örtükli aýna. Aýnanyň doňy dört esse çalt çözýär we 10% az energiýa talap edýär. Mundan başga-da, ol ultramelewşe şöhleleriň azyndan 60% -ini petikleýär.

Bu tehnologiýalaryň hemmesi rahatlygy üpjün etmäge we elektrik ulaglary üçin aýratyn möhüm bolan energiýany tygşytlamaga gönükdirilendir. Görkezilen çözgütler synag aýlawy gutarandan soň, ýakyn wagtda Hyundai-Kia elektrik ulaglarynda önümçilige çykar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem