Birža söwdalarynda gurluşyk we ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy
31 Awgust
Birža söwdalarynda gurluşyk we ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy

29-njy awgustda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplügi satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 860 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem