Toyota we BMW wodorod awtoulaglaryny ilerletmegi çaltlaşdyrmak üçin tagallalaryny birleşdirer
02 Sentýabr
Toyota we BMW wodorod awtoulaglaryny ilerletmegi çaltlaşdyrmak üçin tagallalaryny birleşdirer

Toyota we BMW ýangyç elementli ulaglar pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýalar geljek hepde hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekişmekçi. Bu barada resmi taýdan 5-nji sentýabrda yglan etmek meýilleşdirilýär.

Toyota Mirai modelinde wodorod awtoulaglaryny öndürmekde öňden bäri öňdebaryjy bolup gelýär we BMW hem bu bazary işjeň öwrenýär. Iki kompaniýa tagallalaryny birleşdirip, wodorod tehnologiýalarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyryp we has elýeterli edip biler.

Toyota -yň wekili bu barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem