ÝUNESKO Sanly okuw hepdeligine badalga berdi
03 Sentýabr
ÝUNESKO Sanly okuw hepdeligine badalga berdi

2-nji sentýabrda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň bilim boýunça Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorin Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, çärede Türkmenistanyň wekiliýetine ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy G.Gurdowa wekilçilik etdiler.

Sanly okuw hepdeligi 2024-iň çäklerinde bilim ministrler derejesinde tegelek stol geçirildi. Duşuşygyň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem