J.D. Power amerikan agentligi täze APEAL reýtingini mälim etdi. Bu reýtingiň üsti bilen awtoulaglaryň eýeleriniň täze çykan awtomobillere bolan garaýyşlaryna baha berilýär. Pikir soraşma arkaly geçirilen barlag 2023-nji ýylyň iýun aýyndan başlap 2024-nji ýylyň mart aýyna çenli satyn alnan awtoulaglary öz içine aldy. «Motor.ru» saýtynyň habar bermegine görä, şu ýyl hytaý brendleri köp ugurlarda öňdebaryjy orunlary eýeläp, täsirli netijeleri görkezdi.
Şeýlelikde, «Geeli Emgrand» bassyr iki ýyl bäri iň oňat ykjam sedan ulagy diýlip ykrar edildi we «Volkswagen Lamando L» orta ölçegli sedanlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Krossowerleriň arasynda GAC we Chery awtoulag modelleri tapawutlandylar we bäsdeşlerinden ep-esli öňe geçmegi başardylar. Miniwenleriň has derejeli segmentinde-de Hytaýyň GAC M8 awtoulagy abraýly ikinji ýeri eýeläp, diňe uzak wagtlap öňdebaryjylygy elden gidermeýän Buik GL8 awtomobilinden galandygy bellärliklidir.
Şeýlede bolsa hytaý brendleriniň hemmesi ýokary netijeleri gazanyp bilmedi. Lynk & Co, Hongqi we Tank ortaça görkezijilerden has pes görkezijilere eýe boldular. Munuň tersine, Chery we Geely Hytaýyň iň deňagramly awtoulaglary hökmünde ykrar edildi.