Täze «Hyundai Palisade» ulagy V2L ulgamy bilen üpjün ediler
04 Sentýabr
Täze «Hyundai Palisade» ulagy V2L ulgamy bilen üpjün ediler

Krossowerleriň içinde uly saýylýan «Hyundai Palisade» ulagynda ymykly özgerdişleriň geçirilmegine garaşylýar. Onuň geljekki tapgyrlarynda ol diňe bir gibrid ulag bolmak bilen çäklenmän, eýsem onda portatiw, ýagny çaklaňja elektrik stansiýasyna öwürmäge mümkinçilik berjek özboluşly Vehicle-to-Load (V2L) funksiýasy gurnalar. Bu tehnologiýanyň kömegi bilen «Palisade» krossoweriniň eýeleri bortdaky batareýa, noutbukdan kemping enjamlaryna çenli islendik abzaly birikdirip bilerler diýip, «auto.ru» saýty ýazýar.

Bu giriziljek innowasiýa diňe bir ulagyň işleýiş oňaýlygyny giňeltmek bilen çäklenmeýär, ol adaty generatorlara bolan zerurlygy azaltmaklyga niýetlenip, daşky gurşawy goramaklyga goşant goşmalydyr.

V2L funksiýaly «Hyundai Palisade» krossoweri eýýäm 2025-nji ýylyň başynda önümçilik hatarynda peýda bolar diýlip garaşylýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem