Ýük daşamak pudagynda işgär ýetmezçiligi 2030-njy ýyla çenli 50% barabar bolar
05 Sentýabr
Ýük daşamak pudagynda işgär ýetmezçiligi 2030-njy ýyla çenli 50% barabar bolar

Artur Konsalting: 2030-njy ýyla çenli logistika işgärleriniň ýetmezçiligi 1,5 million adama ýetip biler

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli ýük daşamak logistikasyndaky işgär ýetmezçiliginiň 50% çenli ýokarlanyp, ol 1,5 million adama ýetip biler. Häzirki wagtda bu pudakdaky işgär ýetmezçiligi işgärleriň umumy sanynyň 20% göterimine ýetýär. Şu ýyldan başlap 6 milliona golaý adam Russiýanyň ýük daşama logistikasyna gatnaşýar, bu bolsa umumy işe ukyply ilatyň 8 göterimine barabardyr.

Şeýle hem Artur Consulting kompaniýasynyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň başyndan bäri E kategoriýasy bar bolan awtoulag sürüjileri üçin boş iş orunlarynyň sanynyň 32% ýokarlanandygyny bellediler, emma bu ugur boýunça bary-ýogy 2 müň rezýume tabşyrylypdyr, bu boş iş ýerleriniň sanyndan ep-esli azdyr. Mundan başga-da, logistika boýunça IT-hünärmenleri üçin boş iş orunlarynyň ep-esli ýokarlanýandygy bildirýär — soňky bir ýylda ol iki esse köpeldi. Işgärleriň ýetmezçiligi enjamlaryň işsiz durmaklygy we işgärleri işe saýlap almak we taýýarlamak üçin çykdajylaryň ýokarlanmagy ýaly ykdysady ýitgilere getirýär. 2024-nji ýylda bu maksatlar üçin çykdajylar 20-30% ýokarlanyp biler. Bilermenleriň pikiriçe, bu logistika hyzmatlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagyna we harytlaryň bäsdeşlik ukybynyň pese gaçmagyna, esasan hem pes tapawudy bolan önümleriň bolmagyna getirýär, şeýle ýagdaýyň emele gelmegi bolsa, umuman alanyňda, ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýetirýär. Logistika — bu az çykdajylary harçlamak bilen harytlary gerekli ýerine we bellenen wagtda eltmegi guramakdyr. Bu iş baryljak ýoluň amatly ugrunyň kesgitlenmegini, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, işe gözegçilik etmegi we ýük hakda sargyt eden müşderä habar bermegi öz içine alýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem