Rowşan Rustamow: Hytaý Orta geçelge boýunça iberilýän ýükleriň möçberini artdyrmak isleýär
05 Sentýabr
Rowşan Rustamow: Hytaý Orta geçelge boýunça iberilýän ýükleriň möçberini artdyrmak isleýär

Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýoly boýunça ýük daşamak işleri has güýçli depgine eýe bolar. Bu barada «Azerbaýjanyň demir ýollary» (ADÝ) ÝPJ-niň başlygy Rowşan Rustamow «Report» saýtyna aýtdy. Ol BTK-nyň bir ýyl töweregi işlemeýändigini belledi: «Geljek ýyldan başlap bu demir ýol ugrunyň üsti bilen ýük daşamak işi has güýçli depginlerde alnyp barlar. Ýükleriň Hytaýdan Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýoly boýunça daşaljakdygy barada eýýäm ylalaşyk gazanyldy» - diýip, ol nygtady.

Rustamow 13-nji awgustda «Azerbaýjanyň demir ýollary» ÝPJ-niň «Gruziýanyň demir ýollary» PJ bilen bilelikde JÇJ «BTKI Railways» ady bilen bilelikdäki kärhanany döredendiklerini aýtdy we «Kärhana ýakyn wagtda öz işine başlar — diýip, sözüniň üstüne goşdy. — «BTKI Railways» kärhanasy ýoluň Marabda-Kartsahi böleginiň infrastrukturasynyň ulanylyşyny we dolandyrylyşyny üpjün etmekden başga-da, ýük daşamak işini netijeli guramak we Baku-Tbilisi-Kars demir ýoluna täze ýükleri çekmekligi babatda zerur işleri geçirer. Bu bilelikdäki kärhana arkaly Azerbaýjan bilen Gruziýanyň bilelikdäki tagallalary sebitde ýük gatnatmak boýunça ulag aragatnaşygyny we Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdiriler.»

Rustamowyň sözlerine görä, Hytaý Orta geçelge boýunça iberilýän ýükleriň möçberini artdyrmak isleýär: «Hytaýdan iberilýän blok-otlylarynyň sany biziň garaşýanymyzdan dan has ýokary. Şu ýylyň özünde geçelgeden 190 sany otly toplumy geçdi, ýylyň ahyryna çenli bolsa 250-den gowrak otly toplumynyň iberilmegine garaşylýar. Geljek ýylda Orta geçelge boýunça aýda 50 otly toplumyny ibermek meýilleşdirilýär. Hytaýyň gündogarsyndan Orta geçelge arkaly ýük daşamak işi eýýäm başlandy».

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem