«WSCE 2024» halkara şäherler sergisinde Arkadag şäherine üç baýrak gowşuryldy
05 Sentýabr
«WSCE 2024» halkara şäherler sergisinde Arkadag şäherine üç baýrak gowşuryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

Türkmen wekiliýeti saparynyň dowamynda Arkadag şäheriniň diwarlygy bilen «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo» atly Bütindünýä sergisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, serginiň dowamynda Arkadag şäheri üç sany halkara baýraga mynasyp boldy.

Bellenilişi ýaly, baýraklar daşary ýurt we milli şäherlere, şeýle hem dürli ugurlarda tapawutlanýan kompaniýalara gowşuryldy.

Arkadag şäherine şu baýraklar gowşuryldy:

1. «Smart city Arkadag» — Gözelligi üçin baýrak. Arkadag şäheriniň bu baýragyň ýeke-täk ýeňijisi bolandygyny bellemelidiris.

2. «Smart city Arkadag» — Daşary ýurt şäherleriniň baýragy.

3. «Smart city Arkadag» — «WSCE 2024-e» goşan goşandy üçin baýrak.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow minnetdarlyk sözi bilen çykyş etdi. Ol serginiň ýokary derejede guralandygyny belläp, «Akylly şäher Arkadag» taslamasyna gowşurylan baýraklaryň türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatynyň gazananlaryny ykrar edýändigini aýtdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem