Hytaýdan RF-na ýük daşamalaryň nyrhy awgust aýynda 12–14% ýokarlandy
06 Sentýabr
Hytaýdan RF-na ýük daşamalaryň nyrhy awgust aýynda 12–14% ýokarlandy

Hytaýdan awtoulagda ýük ibermek islegleriniň möçberiniň artmagy hem-de logistika zynjyrlarynyň barha çylşyrymlaşmagy (üçünji ýurtlaryň üsti bilen töleg geçirmek) awtoulag ýük daşamalarynyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň esasy sebäbi boldy.

Şu ýylyň awgust aýynda Şanhaý/Ningbo şäherlerinden Moskwa ýük ibermegiň nyrhy ortaça 10,1 müň ABŞ-nyň dollary bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ol 12,2% köpdür — diýip, Hytaýyň ekspeditorçylyk kompaniýasynyň wekili habar berýär.

Bu nyrhnama adaty ýükler üçin hereket edýär (ýagny goşmaça rugsatnamalaryň alynmagyny talap etmeýär) we barmaly ýerinde gümrük taýdan resmileşdirmek bahasyny nazara almazdan, ýüküň bir salgydan – beýleki salga eltilmegine laýyk gelýär.

Şanhaý/Ningbo şäherlerinden Sankt-Peterburga ýük daşamagyň nyrhy üsti tentli ýük awtoulagy üçin ortaça 10,6 müň ABŞ-nyň dollaryna (+ 11,6%) barabar boldy. Týanszin/Sindao şäherlerinden Çelýabinskä/Nowosibirskä çenli ýük daşamagyň ýol nyrhy - 9,1 müň ABŞ-nyň dollary (+ 14%) boldy.

Demir ýol boýunça ýük daşamalaryň nyrhlary hem barha depginli ösýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem