Polşa «keseki» ýük daşaýjylaryň elektron gözegçiligini işe girizýär
06 Sentýabr
Polşa «keseki» ýük daşaýjylaryň elektron gözegçiligini işe girizýär

Polşanyň häkimiýetleri noýabr aýyndan başlap EB-niň düzümine girmeýän ýurtlardan gelen kompaniýalar tarapyndan iberilýän ýükleri hökmany elektron hasaba almak ulgamyny işe girizýärler. Bu barada ýurduň wise-premýeri we milli goranmak ministri Wladislaw Kosinýak-Kamyş žurnalistlere habar berdi.

Şeýle ýük daşaýjylaryň elektron hasaba alynmagy noýabr aýyndan güýje girýär.

«Polşanyň ýük gatnadyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Ýewropa Birleşiginiň çäginden daşardaky üçünji ýurtlardan bolan ýük daşaýjy kompaniýalar tarapyndan iberilýän ýükleriň elektron hasaba alynmagyna girişmek işini tizleşdirýäris» — diýip, ministr mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu çäre Polşanyň häkimiýetlerine ulag pudagynda dowam edýän adalatsyz bäsdeşlik bilen göreşmäge mümkinçilik berer.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem