MSC kompaniýasynyň logistika boýunça golçur kärhanasy Medlog Beýik Britaniýanyň iň iri ýük gatnadyjysy «Maritime Transporty» satyn alýar — diýlip, şertnama gatnaşýan kompaniýalaryň bilelikdäki beýanatynda habar berilýär. «Maritime Transport» kompaniýasy gündelik 30-dan gowrak demir ýol ulag hyzmatlaryny amala aşyrýar, Ueýkfild, Mançester, Tilberi, Mossende, Nortgempton, Tamwort, Birmingem we Kegwort ýaly şäherlerdäki sekiz sany demir ýol ýük terminalynyň hem-de düzüminde 1600-den gowrak ýük awtoulaglary bolan awtoulag parkynyň işini ýöredýär. Geleşigiň bahasy çap edilmedi, ýöne «Loadstar» kompaniýasynyň bilermeni Alessandro Pasetti kompaniýanyň maliýe hasabatlaryna esaslanmak bilen, onuň bahasynyň 300-den 500 million funt sterling (400-660 million ABŞ-nyň dollary) aralygynda bolmagynyň mümkindigini çaklaýar. «Maritime Transportyň» esasy «Maritime» kompaniýasynyň maliýe hasabatynyň maglumatlaryna görä, ýük gatnadyjysynyň 2023-nji ýyldaky girdejisi 404 million funt sterling, EBIT-iň operasion girdejisi bolsa – azyndan 20 million funtdan gowrak boldy. MSC kompaniýasy soňky döwürde konteýner flotuny ýokary depgin bilen giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem MedLog kompaniýasynyň logistika işini hem ösdürýär. 2023-nji ýylyň güýzünde MSC kompaniýasy Ispaniýanyň milli demir ýol operatory bolan Renfe kompaniýasynyň ýük daşaýjysy Renfe Mercancías kompaniýasynyň gözegçilik paýnamasyny hususylaşdyrmak boýunça geçirilen tender-bäsleşiginde ýeňiji boldy, şeýle hem Italiýanyň ýokary tizlikli demir ýol hususy ýük gatnadyjysynyň operatory bolan Italo kompaniýasynyň paýnamalarynyň takmynan 50% göterimini satyn aldy we Italiýanyň «Ferrovie dello Stato Italiane» döwlet demir ýol korporasiýasy bilen Italiýanyň hem-de Ýewropanyň portlarynyň arasynda demir ýol ýük gatnatmaklygy ösdürmek üçin bilelikdäki kärhana döretdi. Mundan başga-da, Pasettiniň pikiriçe, «Metrans» kompaniýasyny birleşdirmek arkaly «Medlogy» güýçlendirmek islegi Gamburgyň HHLA terminal-logistika operatorynyň iň az paýnama toplumy üçin göreş alyp barmaga MSC kompaniýasyny mejbur edýän esasy faktorlardan biridir.
MSC Beýik Britaniýanyň iň iri ýük gatnadyjy kompaniýasyny satyn alýar
Şeýle hem
//=YII::t('app','Similar')?>