Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna badalga berler
07 Sentýabr
Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna badalga berler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün --- 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanyna möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini belledi.

Döwlet Baştutany bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurduň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edýändigini aýtdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem