Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
09 Sentýabr
Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Gazak Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylygy üçin, gazak Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hoşniýetli dostluk gatnaşyklarynyň we köp ugurly strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirildi. Şunda energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ulag-logistika ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugrlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gazak Lideriniň şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabada boljak saparyna taýýarlyk görlüşi boýunça pikir alşyldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem