Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanda Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
09 Sentýabr
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanda Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

8-nji sentýabrda Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni «Astana Arena» stadionyna tarap ugrady. Bu ýerde şu ýyl «Ymgyr sähradaky duşuşyk» şygary bilen geçýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň türgenleri milli sazyň astynda Döwlet baýdagyny buýsançly parladyp, dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Şu gezekki iri sport çäresiniň resmi nyşanynda Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ähli nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan Gün şekilindäki atlynyň şekili ýerleşdirilipdir. Nyşanda hakyk daşynyň nepisligini alamatlandyrýan goýy gyzyl reňk ulanylypdyr. Bu gymmat bahaly daş türkmenleriň we Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň milli şaý-seplerinde giňden ulanylýar. Nyşanda ýazgylar VIII-X asyrlardaky türki ýazuwy äheňinde ýerine ýetirilipdir.

Gyrgyzystanda geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üçüsiniň esasy nyşany suw bolupdy. Bu däp Gazagystanda geçirilýän şu gezekki Oýunlarda hem dowam etdirildi diýlip, çeşmede bellenilýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem