Geçen hepde Wengriýada BMG-niň harytlary halkara awtoýol bilen daşamak baradaky CMR konwensiýasynyň sanly teswirnamasy güýje girdi. «Lardi.Today» saýty bu babatda Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) metbugat gullugy tarapyndan çap edilen habara salgylanýandygyny belledi. Şeýlelikde, Wengriýa e-CMR-e goşulan 38-nji ýurt boldy. Kagyz ýolhatlaryndan doly ýüz öwrüp sanly görnüşe geçmek, harytlary ýurduň dürli ýerlerine, şeýle hem goňşy ýurtlara daşamagyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrar.
“Kagyz resminamalaryny işden aýyrmak bilen, elektron görnüşdäki CMR ýükleri işlemegiň çykdajylaryny azaldýar, administratiw taýdan gijä galmalary, şeýle hem hasaplaşyk resminamalaryny gowşurulmagynyň gijikdirmelerini aradan aýyrýar, şol sanda ol ýükleri eltip bermeli ýerleriniň gabat gelmezligini azaldýar. Logistika zynjyrynda e-CMR aç-açanlygy we howpsuzlygy ýokarlandyrýar. Ol hakyky wagtda iberilýän ýükleriň eltilendigini we alnandygyny tassyklaýan ýükleri yzarlamak boýunça has anyk maglumatlar bilen üpjün edýär”
IRU.
«Lardi.Today» saýty ozal Awstriýanyň e-CMR-e — elektron resminamalar arkaly kagyzsyz işlemegiň usulyna geçendigini ýatladýar.