2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda howa ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberi 5,900 tonna barabar boldy. Özbegistanyň Statistika gullugyna salgylanmak bilen, bu barada «Trend» saýty habar berýär. Habarlar agentligi bu görkezijiniň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,2% ýokarydygyny belleýär. 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda gara ýol we demir ýol arkaly 5,3 million tonna üstaşyr ýüküň daşalýandygy bellenilmelidir.
Bu döwürde demir ýol arkaly daşalan üstaşyr ýükleriň möçberi 4,1 million tonna ýetdi, bu ýük daşamagyň umumy möçberiniň 77,9 göterimine barabar bolup durýar. Awtoulag arkaly 1,2 million tonna üstaşyr ýük daşaldy (bu ýük daşamagyň umumy möçberiniň 22,1 göterimine barabardyr).