«AwtoWAZ» kompaniýasy «Lada e-Largus» elektrik awtoulagynyň köpçülikleýin önümçiligine girişer
10 Sentýabr
«AwtoWAZ» kompaniýasy «Lada e-Largus» elektrik awtoulagynyň köpçülikleýin  önümçiligine girişer

«AwtoWAZ» kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa awtoulaglaryň hataryny artdyrmagy dowam etdirýär. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Russiýanyň ilkinji elektrik awtoulagy boljak «Lada e-Largus» Ižewsk zawodynyň önümçilik hataryna goýlar – diýip, runews24.ru saýty habar berýär.

Bu model diňe Russiýada öndürilen batareýany ulanmakda ilkinji awtoulag bolar we özüniň dinamiki aýratynlyklary bilen awtoulag muşdaklaryny begendirer: onuň iň ýokary tizligi sagatda 145 km, ugran mahaly sagatda 100 km tizligi 10 sekuntda alar. Awtoulagyň nusgasy we onuň synag tapgyry synagdan üstünlikli geçenden soň, «Lada e-Largus» iki görnüşde: ýolagçy we täjirçilik modifikasiýada Russiýanyň bazaryna çykarylar

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem