Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
11 Sentýabr
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandariň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny we halkara derejede öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagy depginli ösýän pudaklaryň biridir. Bu ugurda iki ýurduň arasyndaky mümkinçilikleriň ulanylmagyna Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda şu ýylyň ahyrynda Malaýziýa amala aşyryljak saparyň ähmiýetini nygtap, onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypalary açjakdygyna ynam bildirdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem