Aşgabatda täze söwda merkezi gurlar
11 Sentýabr
Aşgabatda täze söwda merkezi gurlar

Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda merkeziniň taslamasyny düzmek, meýdançanyň toprak işlerini ýerine ýetirmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret Anonim Şirketi» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün — 10-njy sentýabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we söwda merkezini 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň paýtagtynyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem