Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi
12 Sentýabr
Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi

11-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ak patasy bilen, il sylagly ýaşulular pagta ýygymyna "Bismilla" bilen başlap berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurtda pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmat işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Ýurduň welaýatlarynyň Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelen harman kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyn” hasyly bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.

Geçirilen dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri-de ýaýbaňlandyryldy. Aýdymçy-sazandalar, tans we folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Bol pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň göreldeli pagtaçy kärendeçilere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem