Şwesiýada täze nesil akkumulýator işlenip düzüldi
12 Sentýabr
Şwesiýada täze nesil akkumulýator işlenip düzüldi

Şwesiýanyň Gýöteborg şäherindäki Çalmers Tehniki uniwersitetiniň gözlegçileri rewolýusion akkumulýatoryň laboratoriýa prototipini tanyşdyrdylar. «Agramsyz energiýa saklaýjy enjam» diýlip atlandyrylýan bu innowasion taslama aşa kiçi galyňlygy we agramy, şol bir wagtyň özünde ýokary berkligi bilen tapawutlanýar diýip, auto.ru ýazýar.

Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlyklary:

gurluşyň ýeňilligini we berkligini üpjün edýän uglerod süýümi.
awtoulag korpusynyň hereketlendiriji gurluşynyň bir bölegi hökmünde ulanmak mümkinçiligi.
bank kartoçkasy ýaly inçe enjamlary döretmäge mümkinçilik berýän aşa kiçi galyňlyk.
30 Wt·s/kg energiýa sygymy (deňeşdirmek üçin: «Hyundai Ioniq 6 – 153» Wt·s/kg).

Energiýanyň pes dykyzlygyna garamazdan, ýeňilligi we inçe bolmagy elektrik ulaglarynyň hereket ätiýaçlygyny, takmynan, 70% ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda tehnologiýa laboratoriýa nusgasy tapgyryndadyr we köpçülikleýin önümçilikden öň has köp synag edilmegini talap edýär. Onuň mümkin bolan bahasy barada maglumat heniz mälim edilmedi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem