«Fiat» «500e» elektrohetçbekini ýygnamagyny togtadandygyny yglan etdi
13 Sentýabr
«Fiat» «500e» elektrohetçbekini ýygnamagyny togtadandygyny yglan etdi

13-nji sentýabrdan başlap, «Fiat» «500e» elektromobiliniň önümçiligini wagtlaýyn togtadýar. Munuň ýönekeý sebäbi bar: bu ulaga bolan isleg az. Elektrik ulagynyň ýygnalýan ýeri bolan Turindäki zawod azyndan bir aý işlemez diýip, auto.ru habar berýär.
Häzirki wagtda Ýewropanyň köp sanyly elektromobil öndürijileri şeýle kynçylygy başdan geçirýärler. Emma wagtlaýyn kynçylyga garamazdan, kompaniýa elektrik ugruny ösdürmekden ýüz öwürmeýär. «Fiat» «500» kysymly ulagynyň gibrid görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär, ol benzin bilen işleýän görnüşiň ornuny tutar we geçiş döwründe bu brendiň satuwlaryny goldar. «500e-niň» binýadynda dörediljek täze ulag, takmynan, bir ýarym ýyldan bazarlarda peýda bolar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem