Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
17 Sentýabr
Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-iniň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň BSG-ä goşulmak baradaky departamentiniň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Türkmenistanyň BSG-ä girmegi üçin alnyp barylýan taýýarlyk çäreleri bilen baglanyşykly meýilnamalary gözden geçirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlamak üçin işjeň içerki işleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, BSG-ä girmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Pudagara hökümet toparynyň dowamly iş alyp barýandygy hem bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly ileri tutulýan meseleler barada pikir alyşdylar diýlip, çeşmede bellenilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem