«Nissan Z-niň» krossower görnüşi döredilip bilner
17 Sentýabr
«Nissan Z-niň» krossower görnüşi döredilip bilner

«Nissan» sport awtoulaglary dünýäsinde garaşylmadyk öwrüm taýýarlaýar: «Z» kupesiniň krossower görnüşi döredilip bilner. Awstraliýanyň «Car Sales» neşiri ýerli patent edarasynda «Z Warrior» haryt nyşany üçin berlen arzany tapdy, bu bolsa model setiriniň giňelmeginiň mümkindigini görkezýär diýip, «Motor.ru» ýazýar.

«Z» kysymynyň has beýik görnüşini döretmek pikiri täze däl. Geçen ýyl «SEMA» -sergisinde 1971-nji ýyldaky ralli-marafonynyň ýeňijisi bolan «Nissan 240Z» ulagynyň hormatyna döredilen «Safari Rally Z Tribute» konsepti tanyşdyryldy.

Bu prototip krossower tekerleri, güýçlendirilen bezegleri we aşaky böleginiň goraglylygy bilen tapawutlanýar.

«Nissan» kompaniýasynyň Awstraliýadaky bölüminiň ýolbaşçylary krossower görnüşlerini giňeltmek pikirini goldaýarlar.

«Z» krossoweriniň peýda bolmagy «Porsche 911 Dakar» we «Lamborghini Huracan Sterrato» ýaly çäkli sanda öndürilen ulaglaryň döreden boşlugyny dolduryp biler. Bu modeller krossower mümkinçilikleri bolan ýokary öndürijilikli ulaglara islegiň bardygyny subut etdi.

«Z Warrior-yň» global modele öwrüljekdigi ýa-da Awstraliýa bazaryna mahsus bolup galjakdygy heniz belli däl.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem