Ulag ministrligi Ýewro-5 kysymly tirkeg çekijileri we ýük awtoulaglaryny gaýtadan işleme ýygymyndan boşatmagy teklip edýär
17 Sentýabr
Ulag ministrligi Ýewro-5 kysymly tirkeg çekijileri we ýük awtoulaglaryny gaýtadan işleme ýygymyndan boşatmagy teklip edýär

Ulag ministrligi içerki sarp ediş üçin gümrük düzgüninden çykarmaklyga ýerleşdirilende, şeýle hem Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň agzalary bolan ýurtlardan getirilende täze tirkeg çekiji awtoulaglary we ekologiýa derejesi 5 synp we ondan ýokary synply hereketlendirijisi bolan awtoulag serişdelerini, tirkegleri we ýarym tirkegleri gaýtadan işleme ýygymyndan boşatmagy teklip edýär. Bu barada Ulag ministrliginiň awtomobil ulaglary müdirliginiň başlygynyň orunbasary Anton Aleksandrow «Halkara awtoulag ýük gatnawlary» atly maslahatda mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, taýýarlanan kararyň taslamasy döwlet edaralary tarapyndan ylalaşylmagyň birinji tapgyryndan geçdi. Döwlet edaralary karary kabul etmek bilen, soňky ýyllarda ekologiýa babatda 6-njy synpa laýyk gelýän ulag paýynyň 3 göterimden 21 göterime çenli artandygyny we halkara gatnaw ulaglarynyň umumy sanynyň 15 göterim artandygyny — onuň 20 900 birlige ýetendigini göz öňünde tutýarlar. Şeýle-de bolsa, ulag düzüminiň täzeleniş depginini çaltlaşdyrmak we halkara ýol ulag serişdeleri bazarynda mundan beýläkki ösüşi we bäsdeşlik ornuny saklap galmak üçin esasy maksat bolup durýar.

Ulag ministrliginiň wekili ýük daşaýjylaryň girdejilerini saklamak üçin belorussiýaly ýük daşaýjylarynyň daşary ýurt döwletleriniň çäginde deňsizlik esasynda töleýän ýygymlaryny we töleglerini azaltmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýlelik bilen, belorussiýaly awtoulagly ýük daşaýjylaryň Azerbaýjanyň çäginden geçenlerinde ýol ýygymlaryny tölemek boýunça şertleri deňleşdirmek meselesi ýurduň degişli edaralarynyň öňünde goýuldy. Hususan-da, belarus tarapy degişli ýygymlardan we töleglerden özara boşatmak baradaky ikitaraplaýyn şertnama üýtgetmeleri girizmegi teklip etdi.

Eýran barada aýdylanda bolsa, deň bolmadyk şertleri çözmek we ulag çykdajylaryny azaltmak boýunça meselede entek öňegidişlik gazanylmady.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem