Bir ýyldan RF-da multimodal ýol-ulag resminamasy peýda bolar
18 Sentýabr
Bir ýyldan RF-da multimodal ýol-ulag resminamasy peýda bolar

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap Russiýada multimodal ýol-ulag resminamasy güýje girer. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin garyşyk ýük gatnawlaryny guramak we ulanylýan ulag serişdesiniň görnüşine garamazdan ýük daşamagyň ähli tapgyrlary üçin bir bitewi resminamanyň girizilmegi hakynda kanuna gol çekdi. Şeýle ýol-ulag resminamasynyň resmileşdirilmegi meýletin bolar.

Garyşyk ýük gatnawlary gurnalanda ulaglaryň her görnüşi üçin aýratyn ýük daşama resminamasyny, şeýle hem harytlary eltmegiň ähli tapgyrlary üçin umumy resminamany ulanmak mümkin bolar.

Bir bitewi resminama boýunça multimodal ýük gatnawyny guramak üçin ulag kompaniýalary degişli şertnama gol çekmeli bolarlar, onda taraplaryň jogapkärçiligi, nyrh emele getiriş ýörelgeleri, kabul edilen ýükleriň görnüşleri, ulaglaryň tehniki aýratynlyklary, harytlaryň ýüklenýän/düşürilýän we geçirilýän ýerleri we ş.m. kesgitlener, şeýle-de kompaniýalar bular barada öz müşderilerine habar bermeli bolarlar.

Dürli ulag görnüşleri bilen daşamak üçin multimodal ýol-ulag resminamasy kagyz we elektron görnüşinde berlip bilner. Elektron resminama Elektron ýol-ulag resminamalarynyň döwlet maglumat ulgamynda dörediler. Ýol-ulag resminamasynyň görnüşi we ony doldurmagyň tertibi Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrligi tarapyndan kesgitlener.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda elektron ýol-ulag resminamalarynyň (ETRAN) we Elektron ýol-ulag resminamalarynyň döwlet maglumat ulgamlarynyň arasynda maglumat alyş-çalşynyň synagyna adaty ýük eýeleriniň goşulandygyny ýatladýarys.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem