Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Täjigistan bilen baglaşylan şertnama
üýtgetme girizmek hakynda karara gol çekdi. Resminama iki ýurduň çäginden
rugsat hatsyz ýük ulaglarynyň üstaşyr geçmeginiň ýönekeýleşdirilmegini göz
öňünde tutýar. Bu barada Sputnik saýty habar berýär.
Degişli teswirnama 2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Duşenbe şäherinde prezident
Mirziýoýewiň Täjigistana saparynyň dowamynda gol çekilipdi.
Şoňa laýyklykda ýük ulaglarynyň iki döwletiň çäginden üstaşyr geçmegi rugsat
hatsyz amala aşyrylar.
Prezident Mirziýoýew Özbegistanyň Daşary işler ministrligine özbek tarapyndan
bu halkara şertnamanyň güýje girmegi üçin zerur bolan içerki döwlet amallarynyň
ýerine ýetirilendigi hakynda täjik tarapyna habarnama ibermegi tabşyrdy.