Russiýa we Gazagystan ulag serişdeleriniň elektron pasportynyň resmileşdirilmegini ýönekeýleşdirer
18 Sentýabr
Russiýa we Gazagystan ulag serişdeleriniň elektron pasportynyň resmileşdirilmegini ýönekeýleşdirer

Iki ýurduň wekilleri tarapyndan degişli şertnama gol çekildi

Ýewraziýa ykdysady iş toparynyň ştab-kwartirasynda «Elektron pasport» paýdarlar jemgyýeti — Ulag serişdeleriniň elektron pasporty ulgamynyň russiýaly dolandyryjysy bilen Gazagystanyň elektron pasportlar ulgamlarynyň milli operatory — «Milli maglumat tehnologiýalary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda maglumat özara baglanyşygy hakynda Şertnama baglaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu resminama «ýewraziýa bäşligi» ýurtlarynyň arasynda USP-nyň birmeňzeş görnüşlerini girizmek we Ýewraziýa ykdysady birleşiginde ýokary derejeli elektron pasport ulgamyny guramak baradaky ylalaşyklara laýyklykda taýýarlandy.

Russiýanyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaçyň sözlerine görä, diňe 2024-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň agza ýurtlaryndan getirilýän awtoulaglar üçin 200 000-den gowrak ulag serişdeleriniň elektron pasporty resmileşdirildi. Gazagystandan Russiýa getirilen awtoulaglara berlen Ulag serişdeleriniň elektron pasporty 17 000 sana barabar boldy.

Bu şertnamanyň durmuşa geçirilmegi Russiýa bilen Gazagystana ulag pasportlaryny almak tertibini çaltlaşdyrmaga, iki ýurduň çäginde howpsuz ulaglaryň çykyşyny we özara dolanyşygyny ýönekeýleşdirmäge, resminama dolanyşygyny, şeýle hem raýatlar we hususy kärhanalar üçin çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer – diýip, ministriniň orunbasary belledi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi