20-nji sentýabrdan Belarusda tölegli ýollaryň nyrhnamalary ýokarlanar
19 Sentýabr
20-nji sentýabrdan Belarusda tölegli ýollaryň nyrhnamalary ýokarlanar

Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň karary Milli hukuklar portalynda çykdy.

Şeýlelik bilen, umumy ýol berilýän agramy 3,5 tonnadan ýokary bolan awtoulaglar üçin bir kilometriň nyrhnamasy aşakdaky ýaly ýokarlanar:

€0,101-dan €0,114 çenli — eger ýük awtoulagynda iki ok bar bolsa;

€0,126-dan €0,142 çenli — üç oky bolan ýük awtoulaglary üçin;

€0,152-dan €0,171 çenli — dört ýa-da ondan köp oky bolan ulaglar üçin.

Elektron winýetkalar hem gymmatlar:

€18-dan €20 çenli — 15 gün üçin;

€28-dan €31 çenli — 30 gün üçin;

€96-dan €107 çenli — bir ýyl üçin.

Bir gezeklik nyrhlar barada aýdylanda bolsa, umumy agramy 3,5 tonna çenli bolan ulaglar üçin töleg tölemezlik jerimesi 12 ýewrodan 14 ýewro çenli ýokarlanar. Agramy 3,5 tonnadan ýokary bolan ýük awtoulaglary üçin ol 32 ýewrodan 36 ýewro çenli we doly tölenilmedigi üçin jerime - 16 ýewrodan 18 ýewro çenli ýokarlanar.

Iň soňky gezek tölegli ýollar üçin nyrhlar 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan ýokarlanypdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem