Göwrümi aşa uly bolan ýükler şular ýaly ýükleri ibermek bilen baglanyşykly birnäçe kiçiräk aýratynlyklar, çäklendirmeler we goşmaça şertler sebäpli ýük daşamak pudagynda aýratyn orun tutýar. Göwrümi aşa uly bolan ýük daşalanda iň köp ýaýran ýalňyşlyklaryň birnäçesine duş gelinýär, bular üstaşyr geçmegiň wagtynyň uzalmagyna, şeýle hem ýük iberiji üçinem, alyjy üçinem goşmaça çykdajylaryň harç edilmegine sebäp bolýar.
1. Haçan-da iberiji nädogry resminamalary beren ýagdaýynda
Göwrümi aşa uly bolan ýükleri daşamak diňe ýörite rugsadyň bolmagy bilen mümkindir. Resminamada ýüküň kategoriýasy, onuň gitmeli ugry we beýleki möhüm maglumatlar görkezilýär. Resminamalary taýýarlamak we degişli edaralara tabşyrmak iň möhüm tapgyrlardan biridir, resminamalaryň alynmagyndan ýüz öwrülmezligi üçin zerur bolan resminamalary ýygnamak we olaryň doly sanawyny tabşyrmak maslahat berilýär, bulara şol sanda ýüküň çyzgylary, tehniki pasporty, ýüküň gitmeli ugry we sürüji baradaky maglumatlar girýär. Käbir halatlarda munuň üçin ýörite rugsatlar talap edilýär — ýurtlaryň arasynda ugradylanda halkara rugsady ýa-da birnäçe sebitden daşalanda sebitara rugsatnamasy talap edilip bilner.
2. Haçan-da iberiji göwrümi aşa uly bolan ýük daşamagyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmadyk ýagdaýynda
Göwrümi aşa uly bolan ýükleri daşamak müşderileriň arasynda meşhur bolsa-da, olaryň hemmesi henizem şeýle ýükleri ugratmagyň aýratynlyklaryna üns bermeýärler. Mysal üçin, köp adam göwrümi aşa uly bolan ýüküň konteýner ýükünden tapawudy ýok diýip ýalňyşýarlar, emma welin olaryň arasynda ep-esli tapawut bar:
1) Göwrümi aşa uly bolan ýükleri daşamagy guramak üçin resminamalary ýygnamagyň hem-de tabşyrmagyň möhleti zerur resminamalaryň köp bolanlygy sebäpli adatça ugradyşdan has köp wagty talap edýär.
2) Portdaky göwrümi aşa uly bolan ýükleri saklamaklygyň tölegi we demerej üçin nyrhlar adaty gury konteýnerlere garanyňda ep-esli ýokarydyr.
3) Bukingi (sargydy) geçirmek üçin ýörite şertleriň bolmagy. Eger haýsydyr bir sebäplere görä bellenilen möhletleri ýerine ýetirip bolman, ýükleriň meýilleşdirilen gämä ýerleşdirip bolmadyk halatynda, buking etmegiň görkezilen möhletlerinde ýüki gyssagly başga gämä geçirmeli bolan halatynda, kynçylyk ýüze çykyp biler. Bu möhletleriň bozulmagy, buking etmegiň ýatyrylmagy hasaplanylýandygy sebäpli, bu jerime salynmagyna getirip biler.
4) Göwrümi aşa uly bolan ýükleriň goşmaça gaplanyşa mätäçdigini unutmaly däl. Eger iberiji goşmaça gaplamalary äsgermezlik etmek kararyna gelen halatynda, göwrümi aşa uly bolan ýüklere ýolda barýarka, ýüklenen ýa-da düşürilen mahaly zeper ýetip biler.
3. Daşalan wagtynda surata düşürme geçirilmedik ýagdaýynda
Göwrümi aşa uly bolan ýükleri ugratmak birnäçe kynçylyklary we mümkin bolan dürli töwekgelçilikleri öz içine alýandygy sebäpli, adatça ýüküň ýagdaýyny, howpsuzlygyny, ýagşy berkidilendigini, şeýle-de onuň doldurma, içinden çykarma, ýükleme we düşürme prosesi ýaly ähli işleri surata almak arkaly bellige almak maslahat berilýär.
4. Brokeriň gäminiň adyny öňünden kesgitlän ýagdaýynda
Ähli sargyt edijileriň brokerleri tarapyndan umumy ýaýran ýalňyşlyk — eksport deklarasiýasy doldurylanda dessine ýüki ibermegiň meýilleşdirilýän gämisiniň adyny ýazmakdyr. Ýüküň daşalýan mahaly ýüki äkitjek gäminiň üýtgemegi köplenç ulag-ýük resminamalaryna düzediş girizmegiň zerurlygyna sebäp bolýar. Bu amal iki gün dowam edip biler, şonuň üçin şeýle ýagdaýda resminamalary wagtynda tabşyryp bilmezlik howpy bar. Bu ýagdaýda buking (sargyt) etmek indiki gämä geçiriler, konteýnerler bolsa portda galar, bu bolsa üstaşyr ýük daşamagyň wagtynyň uzalmagyna hem-de goşmaça gerekmejek çykdajylara getirip biler.