Gazagystan 2029-njy ýyla çenli tölegli ýollaryň uzynlygyny artdyrmagy meýilleşdirýär
20 Sentýabr
Gazagystan 2029-njy ýyla çenli tölegli ýollaryň uzynlygyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Diňe şu ýylyň özünde 1 km üçin ýol ýygymy 2 teňňe ýa-da ondanam köp ýokarlandyrylar

Gazagystanyň häkimiýetleri 2026-njy ýyla çenli tölegli awtoulag ýollarynyň ulanylyşy üçin sarp edilýän harajatlary tölegli ýollaryň hasabyna amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Gazagystanyň Ulag ministri Marat Karabaýew «Tengrinews.kz» saýtynyň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde bu barada gürrüň berdi. Şu maksatlar göz öňünde tutulyp, eýýäm 2024-nji ýylda ýurtda tölegli awtoulag ýollaryndaky ýygymlar her kilometr üçin 2 ýa-da ondanam köp tenňä çenli ýokarlandyrylar.

Gazagystanyň Ulag ministrliginiň baha bermegine görä, ýurduň ýollaryny talabalaýyk saklamak üçin, abatlaýyş işlerini hasaba almanyňda, her ýyl 80 milliard teňňe zerur bolup durýar. Häzirki wagtda 3 200 km tölegli ýollardan takmynan 30 milliard tenňe ýygnalýar.

– Şu ýyl ýene 1 100 kilometr tölegli ýollary girizmekligi meýilleşdirýäris. Eger ozal bizde tölegli ýoluň möçberi 3 200 kilometr bolan bolsa, şu ýyl tölegli ýollar bizde 4 300 kilometre barabar bolar. Bu pullar ýollary adaty ýagdaýda saklamak üçin ulanylar – diýip, Marat Karabaýew belledi.

– Gazagystan kem-kemden esasy üstaşyr ýollaryň geçýän ýurduna öwrülýär. Esasy serişdeler telekeçilik bilen meşgullanýan üstaşyr ulaglardan gelýändigini ýene bir gezek gaýtalaýaryn. Bularyň galapyny uly ýük awtoulaglary. Şoňa görä-de olar degişli ýagdaýda tölemeli bolarlar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem