«Awtodor» ýakyn wagtda ýol tölegleriniň möçberini üýtgetmezlige wada berdi
20 Sentýabr
«Awtodor» ýakyn wagtda ýol tölegleriniň möçberini üýtgetmezlige wada berdi

«Awtodor» döwlet kompaniýasy häzirki wagtda tölegli ýollarda hereket edýän nyrhlary üýtgetmekligi meýilleşdirmeýär. Döwlet kompaniýasynyň başlygy Wýaçeslaw Petuşenko bu barada 10-njy sentýabrda neşir edilen «Kommersantyň» habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde nygtady.

«Bahalaryň birsydyrgyn ýokarlanmagy bolmaz. Bahalary diňe mehaniki usul bilen ýokarlandyryp bilmejekdigimiz hem düşnükli ýagdaýdyr. Hökümetiň aňrybaş çäklendirilen nyrhlary kesgitleýän karary bilen saklanýarys, şeýle hem biz elmydama ulanyjylaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny saklamaga çalyşýarys» —diýip, Petuşenko mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, nyrhlarda kem-käsleýin üýtgeşmeler henizem bolup geçýär. Mysal üçin, ýoluň käbir böleklerindäki ýol tölegi biraz gymmat bolup biler, goňşy bölümlerde — biraz arzan, ýöne tutuş ýol üçin tölegiň nyrhy üýtgemeýär.

«Mysal üçin, M-12 ýoluň böleginde Moskwadan Wladimire çenli ulagyň hereketiniň ýokary derejesini gördük, şunda hyzmat etmek üçin çykdajylar ýokarlandy, şonuň üçin hem ol ýerde nyrhy üýtgetmäge mejbur bolduk. Biraz soňraky ýol böleginde ulagyň hereket ediş derejesi biraz pes, şol sebäpden hem biz, elbetde, ol ýerdäki bahany arzanlatdyk» - diýip, ol bu ýagdaýy şeýle düşündirdi.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň tölegli ýollarda iň ýokary nyrhlar hakyndaky 257 belgili karary 2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda tassyklandy. Döwlet eýeçiligindäki kompaniýanyň başlygynyň belleýşi ýaly, köp ýerlerde bahalar indi 30-50% çäkden pes. M-4 ýolunda, mysal üçin, hökümetiň kararyna görä, töleg her km üçin 6 rubl, emma indi 3,5−4,5 rubla barabar, M-11 ýolda bolsa nyrhyň aňry çägi 1 km üçin 9,6 rubl bolanlygynda baha 5,3 rubl töweregidir — diýip, Petuşenko nygtady.

Şeýle hem, bu söhbetdeşlikde «Awtodoryň» başlygy döwlet kompaniýasynyň ulanyjylaryň we ulag serişdeleriniň maglumat bazasyny döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy, bu ýol tölegini tölemän tölegli ýollardan geçýänlere garşy göreşmek üçin edilýär. Awtodoryň» tölegli ýollar üçin saz belliklerini hem döretdi. Programma üpjünçiligi bellik boýunça hereket edilende haýsydyr bir sazyň parçasy peýda bolar ýaly, bellikleri geçirmek üçin parametrleri hasaplamaga mümkinçilik berýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem