Dünýädäki ilkinji wodorod ýaryş awtoulagy howpsuzlyk synaglaryndan üstünlikli geçdi
21 Sentýabr
Dünýädäki ilkinji wodorod ýaryş awtoulagy howpsuzlyk synaglaryndan üstünlikli geçdi

Wodorod ýangyç elementleri bilen işleýän dünýädäki ilkinji ýaryşy krossoweri bolan «Pioneer 25» Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) tarapyndan geçirilen berk howpsuzlyk synaglaryny üstünlikli tamamlady. Munuň özi iň çalt we ygtybarly wodorod awtoulaglarynyň bäsleşjek täze «Extreme H» ýaryşlaryny döretmäge mümkinçilik berýär diýip, «runews24.ru» habar berýär.

«Pioneer 25» 550 at güýjüni öndürýän kuwwatly elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa bary-ýogy 4,5 sekuntda ýüz km/sag tizlige ýetmäge we ony iň ýokary tizligi bolan 200 km/sag-a çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, awtoulag 52 gradus burça çenli beýiklikge çykmaga ukyply bolmak bilen, täsirli hereket mümkinçiliklerine eýedir.

FIA-nyň howpsuzlyk synaglarynyň üstünlikli geçmegi «Pioneer 25-i» ýaryşlara gatnaşmaga ýakynlaşdyrýar we köpçülikleýin önümçiligine ýol açýar. Ulagyň köpçülikleýin önümçiligini indiki ýyldan ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem