Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
21 Sentýabr
Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Alžiriň dostlukly halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem