Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi
21 Sentýabr
Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana, Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany dürli ugurlarda ýola goýlan we özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ermenistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem