Çärjew etrabynda täze orta mekdep gurlar
23 Sentýabr
Çärjew etrabynda täze orta mekdep gurlar

Lebap welaýatynyň häkimligine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda 400 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasy bilen umumybilim berýän mekdep üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, olaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti 22-nji sentýabrda degişli Karara gol çekdi.

Bu barada TDH habar berýär.

Resminamada gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem