«Dongfeng» çarkandakly ýollara niýetlenen özboluşly M-Hero 917 Dragon Armor ulagyny hödürleýär
23 Sentýabr
«Dongfeng» çarkandakly ýollara niýetlenen özboluşly M-Hero 917 Dragon Armor ulagyny hödürleýär

«Dongfeng» çarkandakly ýollardan geçip biljek uly özgerişlere sezewar edilen M-Hero (Warrior) awtoulagy bilen tanyşdyrdy. Häzir Hytaýda 917 Dragon Armor modelini öňünden sargyt edip bolýar.

Awtomobil açyk sary reňke eýe bolup, güýçlendirilen bamperler, gorag ýaý-halkasy we özboluşly öň tarapky dizaýny bilen üpjün edildi – diýip, Autohome saýty habar berýär. M-Hero 917 Dragon Armor awtoulagynyň çarkandakly ýollardan geçiş mümkinçilikleri ýörite tekerleri, urganly çekijisi, ekspedision ýük goýulýan goşmaça ýeri we gurallar üçin gurnamasy bilen tapawutlanýar.

Ulagyň içi ak ýa-da mämişi reňkde bezelip bilner. Modeliň elektrik hereketlendirijisi 1088 at güýjüne eýe bolup, onuň elektrik togunda çekijiligi 505 kilometre çenli aralygy geçmegi üpjün edýär. Batareýa täzeden güýç bermek üçin 197 at güýjüne barabar bolan benzinde işleýän turbo hereketlendirijisi hem göz öňünde tutulandyr.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem