Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady
23 Sentýabr
Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini hem-de ony mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini nygtap, döwletara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda medet bersin!” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem