Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasy Parahatçylyk festiwalyna işjeň gatnaşdy
23 Sentýabr
Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasy Parahatçylyk festiwalyna işjeň gatnaşdy

Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasy «Köpdürlülik we dialog: ählumumy parahatçylyga we ösüşe barýan ýol» atly 11-nji Parahatçylyk festiwalyna işjeň gatnaşdy, ol 20 sentýabrda Pekiniň Parahatçylyk seýilgähinde geçirildi.

Çäre BMG-niň Baş Assambleýasynyň 55/282 belgili Kararnamasyna laýyklykda 2002-nji ýylyň 21-nji sentýabryndan bäri her ýyl bellenilýän Halkara parahatçylyk gününe bagyşlandy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Ilçisi P.Durdyýew foruma gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýaly möhüm ugurlaryny belläp geçdi. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özenindäki filosofiýanyň Türkmenistanyň ýurtlaryň we halklaryň arasynda ynanyşmagy we dialog medeniýetini güýçlendirmek ugrundaky tagallalary bilen kybap gelýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň çäginde alyp barýan işi agzalyp, bu ugurda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna esaslandyrylan Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilendigi aýdyldy.

Festiwalyň barşynda ýaşlaryň arasynda altynjy Fotosurat bäsleşiginiň baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çäräniň ahyrynda bolsa myhmanlara milli türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlemek bilen baýramçylyk kabul edişligi guraldy.

Festiwal Hytaýyň Halkara parahatçylyk gaznasy, Pekin Halkara parahatçylyk medeniýeti gaznasy we Pekiniň Parahatçylyk seýilgäh muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we ÝUNESKO-nyň wekilhanasynyň goldaw bermegi bilen gurnaldy.

Bu forum ÝUNESKO-nyň kanalynda onlaýn ýaýlyma berildi.

Çärä HHR-yň hökümetiniň wekilleri, Pekinde akkreditirlenen birnäçe diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara gurmalarynyň, şol sanda Arap döwletleriniň Ligasynyň, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Federasiýasy, ŞHG-niň, ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem