Emeli intellekt awtoulag sürüjisiniň şahsy kömekçisi bolar
24 Sentýabr
Emeli intellekt awtoulag sürüjisiniň şahsy kömekçisi bolar

Ysraýylyň «Cipia» kompaniýasy ýüz keşbi tanamak boýunça iň öňdebaryjy ulgamy işläp taýýarlaýar, ol awtoulaga erk etmegiň rahatlygy babatdaky biziň düşünjämizi düýpgöter üýtgeder. Gurnalan emeli intellektiň kömegi bilen geljekki awtoulaglar sazlamalary şahsylaşdyrmakdan başlap, agşamlyk naharyny özbaşdak sargyt etmek ýaly, köp wezipeleri ýerine ýetirip bilerler — diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Täze ulgam diňe bir sürüjini tanamak bilen çäklenmän, eýsem sürüjiniň özüni alyp barşyny seljermegi hem başarar. Mysal üçin, eger sürüji adatça äýnek dakynýan bolsa, ulgam oňa awtoulagy sürmäge girişmezden ozal, äýnegi dakynmagy ýatladar.

Eger sürüji halaýan restoranyna tarap barýan bolsa, awtoulag onuň gowy görýän tagamyny awtomatiki ýagdaýda sargyt eder. Mundan başga-da, ulgam kabinadaky beýleki ýolagçylary tanamak bilen, olaryň ýaşyny kesgitläp biler we olaryň howpsuzlyk kemeri dakynandyklaryna gözegçilik eder. Bu salonda şahsylaşdyrylan gurşawy döretmäge hem mümkinçilik berer, mysal üçin, emeli intellekt ýolagçylaryň keýpine we ýaşyna görä aýdym-saz saýlap biler.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem