«Türkmenistan» awiakompaniýasy Frankfurta goşmaça uçar gatnawyny ýola goýýar
24 Sentýabr 2024
8-nji oktýabrdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Frankfurt — Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawlary ýola goýýar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gatnawlarynyň baş gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Ozal awiakompaniýa hepdede iki gezek — çarşenbe we şenbe günleri gatnaw edýärdi.
Awiakompaniýanyň uçarlarynyň peteklerini turkmenistanairlines.tm resmi web sahypadan onlaýn satyn alyp bilersiňiz.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»
şeýle hem okaň: