23-nji sentýabrda Aşgabatdyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Dabarany Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd açdy. Ol öz çykyşynda dostlukly ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtady we mähirli garşylanandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Türkmenistan hökümetiniň adyndan çykyş etdi we türkmen-saud gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljeginiň bardygyny belläp geçdi.
Dabaraly çäräniň dowamynda myhmanlara milli arap aşhanasynyň tagamlary hödürlendi.
Araplaryň milli tanslaryny ýerine ýetiren sungat ussatlarynyň çykyşlary bolsa çärä baýramçylyk gurşawyny çaýdy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»