Italiýada «Principessa D'oro Nero» awtoulagynyň çäklendirilen tapgyry görkezişe çykaryldy
25 Sentýabr
Italiýada «Principessa D'oro Nero» awtoulagynyň çäklendirilen tapgyry görkezişe çykaryldy

Italiýanyň «Marani» kompaniýasy kaşaňlygyň we gözelligiň nusgasyny görkezýän «Principessa D'oro Nero» awtoulaglarynyň aýratyn ýygyndysyny görkezişe çykardy. Onuň bary-ýogy 30 nusgasy bilen çäklendirilen tapgyry «Fiat 500» modeline we onuň «Abarth 695» sport görnüşine esaslanandyr – diýip, Quto.ru saýty habar berýär.

Her bir awtoulag — bu inçelik bilen elde döredilen we altyn çaýylan elementler, hakyky deri we aýratyn materiallar bilen bezelen sungat eserine çalymdaşdyr. Onuň deri we altyn bilen bezelen kaşaň içki bezegi kaşaňlyk we rahatlyk gurşawyny döredýär. Kümüş çaýylan açarlary we aýratyn «Marani» torbasy onuň eýesiniň ýokary derejesini görkezýär. Bu model

«Fiat 500» awtoulagynyň 70 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilendir, «Abarth 695» modeli bolsa 180 at güýji bolan has kuwwatly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu täsin awtoulagyň bahasy 48 müňden başlap 70 000 ABŞ-nyň dollary aralygynda üýtgäp biler.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem