Daşky gurşaw taýdan arassalyga we aňrybaş sadalyga ymtylyp, «Volkswagen» awtoulaglarynyň içki bezegini üýtgetmäge taýynlanýar. «Volkswagen» kompaniýasynyň bölüm müdiri Endi Mindtiň «Top Gear» neşirine beren interwýusynda aýdyşy ýaly, kompaniýanyň dizaýnerleri tebigy materiallara artykmaç üns bererler. Plastmassa kem-kemden ýokary hilli matalar bilen çalşyrylar, bu diňe bir daşky görnüşi gowulaşdyrman, eýsem has uzakmöhletleýin hem ekologiýa taýdan arassa bolar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Şol bir wagtyň özünde, içerki dizaýn düzümi hem ýönekeýleşdiriler. Mysal üçin, gapy kartlary bir bölege öwrüler, bu ygtybarlylyga oňyn täsir eder we awtoulagyň agramyny azaltmaga ýardam eder. Şunda bu üýtgeşmeler daşyndan synlanyňda bildirmeýän ýaly bolar. «Volkswageniň» täze dizaýn pelsepesi hyjuwly elementlerden ýüz örüp, has rahat we owadan stile geçmegi göz öňünde tutýar
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»