BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, Baş sekretar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi we ýurduň ýolbaşçylarynyň alyp barýan daşary syýasatynyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde üstünlikli mysaldygyny aýtdy.
BMG başlygy Türkmenistana raýatsyzlygy etmek ugrundaky tagallalary we bu ugurda yzygiderli ädimleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, taraplar Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem Owganystan ýaly sebitdäki parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu nukdaýnazardan, owgan halkyna yzygiderli berilýän kömek we goldawa ýokary baha berildi.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça pikir alşyldy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»