«Xpeng» dünýäde ilkinji emeli intellektli awtoulagyny görkezişe çykarar
01 Oktýabr
«Xpeng» dünýäde ilkinji emeli intellektli awtoulagyny görkezişe çykarar

Hytaýyň «Xpeng» awtoulag öndürijisi 10-njy oktýabrda Xpeng P7+ innowasion modeliniň satuwynyň başlanjakdygyny habar berdi.

Bu awtoulagyň tapawutly aýratynlygy özbaşdak dolandyrmak babatda bu ulagy täze derejä çykarjak ösen emeli intellekt ulgamy bolar. Bu barada «Autohome» saýty habar berýär. Kompaniýanyň resmi beýanatyna görä, Xpeng P7+ özbaşdak dolandyrmak üçin iň täze enjamlar platformasy bilen üpjün ediler.

Fastbek kuzowy bilen stilli bezelen bu awtoulag modeli özüniň giň göwrümli we haýbatly ölçegleri bilen (uzynlygy - 5056 mm, teker bazasy - 3000 mm) täsirli tehniki aýratynlyklarynyň üstüni ýetirer. Awtoulagyň ýüregi bolsa elektrik hereketlendirijisi hem-de litiý-demir-fosfat akkumulýatory bilen üpjün edilip, olar iki kuwwatlyk mümkinçiligini emele getirer: 245 we 313 at güýji.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem